Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň baş diplomaty 24-25-nji iýunda Türkmenistana sapar eder


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Aşgabat. Ýanwar, 2016 ý.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow. Aşgabat. Ýanwar, 2016 ý.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýun aralagynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Mariýa Zaharowa mälim etdi diýip, 19-njy iýunda Interfax gullugy habar berdi.

"Taraplar göz öňünde tutulýan ýokary derejeli syýasy duşuşyklary, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar" diýip, Zaharowa 19-njy iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde aýtdy.

Şeýle-de, ol: “Sebitara meseleler, dünýäde dowam edýän ýagdaýlar we iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly pikir alyşmalar hem geçiriler” diýip belledi.

XS
SM
MD
LG