Waşington Eýrandaky ýagdaýlara goşulmak barada öňümizdäki iki hepdäniň dowamynda karar berer. ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň bu baradaky beýanaty 19-njy iýunda Ak Tamda geçirilen metbugat brifinginde okaldy.
Trampyň sözlerine görä, bu möhlet “gepleşikleriň başlanyp biljekdigine degişli mümkin ähtimallyklaryň esasynda” kesgitlenildi. Ak Tamyň metbugat wekili Kerolaýn Lewitt gepleşiklerde kimleriň araçy bolup biljekdigi boýunça jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
Lewitt prezidentiň Eýranda režimiň çalşyrylmagyna gyzyklanma bildirip-bildirmeýändigi baradaky soraga, Trampyň esasy aladasynyň Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almakdygyny nygtady.
Lewitt şeýle hem Trampyň Eýran bilen göni harby çaknyşyklardan gaça durmaga çalyşýandygyny, emma zerur bolan ýagdaýda güýç ulanmakdan çekinmejekdigini belläp geçdi. “Prezident diplomatik ýol bilen çözgüt tapylmagyny ileri tutýar, ýöne zerur bolsa, güýç ulanmakdan gorkmaýar” diýip, Lewitt aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Eýranda ýadro ýaragyny döretmek üçin ähli zerur serişde bar. Indi bu diňe syýasy karara bagly. Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi şeýle karara gelse, Tähran “birnäçe hepdäniň içinde” ýadro ýaragyna eýe bolup biler.