17-nji iýunda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde adam hukuklaryny depelemekde tankytlanýan Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisi geçirildi.
Resmi türkmen maglumatyna görä, onuň çäginde adam hukuklary babatynda hereketleriň milli meýilnamalaryny durmuşa geçirmek, hukugyň hökmürowanlygyny berkitmek, gender deňligini üpjün etmek, zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek ýaly meselelere garalypdyr.
Dialogyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek ruhunda mundan beýläk hem özara gatnaşyklaryň anyk ädimleri boýunça ylalaşypdyrlar.
Türkmenistanyň hökümeti özge pikirleri basyp ýatyrmakda, tankyda çydamsyzlykda, söz, metbugat, hereket, din-wyždan azatlygyny basgylamakda we zenan hukuklaryny depelemekde yzygiderli tankyt edilýär.