Ýakyn Gündogardaky konfliktiň möwjemegi bilen, Gazagystan Eýrandan, Türkmenistanyň üsti bilen, 89 adamy ewakuasiýa etdi. Bu barada tengrinews neşiri 18-nji iýunda Gazagystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 18-nji iýunda ýaýradan beýanatyna görä, Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlary üçin 24 sagatlyk ynsanperwerlik geçelgesini üpjün edýär. Häzire çenli, Hindistanyň, Hytaýyň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan ýüzlerçe adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçipdir.
Hökümetçi türkmen onlaýn neşirleriniň 19-njy iýunda beren maglumatyna görä, soňky ýagdaýlara laýyklykda, “Bajgiran” serhet geçelgesinden 14 adam, ýagny Hytaýyň alty raýaty, iki gazagystanly we alty katarly; “Artyk” nokadyndan hem Pakistanyň 200-e golaý raýaty Türkmenistana geçipdir.
16-njy iýunda Türkmenistan 120-den gowrak daşary ýurtlynyň, şol sanda daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň türkmen serhedinden geçendigini mälim etdi.
Şol bir wagtda, Türkmenistan uçar gatnawlarynyň çäklendirilen wagtynda daşary ýurtlarda galan we kynçylyk çekýän öz raýatlary barada hiç zat aýtmaýar.