Lebabyň döwlet dükanlarynda soňky günlerde satylan unuň aglaba bölegi zaýalanan, gurçuklan bolup çykdy. Bu ýagdaý, bazardakysyndan arzanrak una tamakin adamlaryň iýmit üpjünçiligine ýene-de zarba boldy.
Türkmenabadyň we Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Köýtendag etraplarynyň döwlet eýeçiligindäki dükanlarynda soňky hepdäniň dowamynda satuwda peýda bolan un "birinji sort" diýlip satylypdyr. Emma Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýerli çeşmeler bu unuň iýmite ýaramaýan zaýalanan önüm bolup çykandygyny gürrüň berdiler.
Welaýatyň döwlet dükanlarynda subsidirlenen nyrhdan un iki aýdan bäri satylmandyr. Şeýlelikde bu un söwdasy ýene-de ilatyň maddy ýagdaýy agyr gatlagy üçin azyk üpjünçilik meselesini çözmändir.
14-nji iýunda Türkmenabadyň azyk dükanlarynyň birine un almak üçin baran ýaşaýjynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, onuň unuň hilinden eden şikaýatyna satyjy başga unuň düýpden ýokdugyny aýdypdyr.
"Şu wagt polisiýa işgärleri hem ýokary hilli uny tapyp bilenoklar. Isleseň gurçugy bar bolan birinji sort un bereýin" diýip, türkmenabatly ýaşaýjy satyjyny sitirledi.
Azatlyk Radiosy bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ýene bir lebaply Çärjew etrabynyň ýaşaýjysy oba ilatynyň gurçuklan uny hem satyn almaga kaýyl bolýandyklaryny, sebäbi bazarlarda daşary ýurtlardan getirilýän ýokary hilli unuň esli gymmatlandygyny aýdýar.
Lebaply ýaşaýjylar soňky günlerde Lebap welaýatynda daşary ýurtlularyň köp göze ilýändigini aýdýarlar.
Ýerli çeşmeleriň biri Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda goňşy Eýrandan çykyp gaýdýan daşary ýurt raýatlarynyň bir böleginiň Lebaba hem barandygyny gürrüň berdi. Lebaplylar bu ýagdaý bazardaky nyrhlaryň göterilmegine täsir etdi diýip hasap edýärler.
“Eýrana raketalaryň atylmagy bilen, Lebaba Özbegistanyň hem-de Gazagystanyň raýatlary getirildi. Şondan soňra, bazardaky ähli harytlaryň bahalarynyň gymmatlamagy bilen, daşary ýurtdan getirilip satylýan unuň bahasy-da ep-esli ýokarlandy. Şonuň üçin oba ilaty gurçuklan una-da kaýyl” diýip, çeşme gürrüň berýär.
Türkmenistan bugdaý öndürýän ýurt. Ýurt hökümeti her ýyl 1,4 million tonna bugdaý öndürýändigini yglan edýär, şeýle-de soňky ýyllarda daşary ýurtlardan un importynyň möçberini artdyrýar. Muňa garamazdan, un we çörek gytçylygy saklanýar we ilata köplenç zaýalanan un satylýar.
Un gaçakçylygy
Türkmenabadyň söwda we güýç edaralaryndaky ýagdaýdan habarly çeşme un gytçylygynyň ýene bir sebäbini unuň bikanun söwdasy bilen baglydygyny aýdýar. Ol döwlet dükanlaryna satmak üçin berilmeli unuň belli bir böleginiň, hususan-da kontrabanda ýollary bilen Özbegistana äkidilip satylýandygyny aýdýar.
“Bar un Özbegistana gara ýollar bilen çykarylyp satylýar. Bu zatlardan ýerli MHM bölümi hem habarly. Ilat bolsa welaýat häkimliginiň iýmit üpjünçilik bölüminiň telefon belgilerine jaň edip soranlarynda: 'Elewator işlänok, un ýok' diýip, jogap berýärler” diýip, çeşme aýtdy.
Azatlyk Radiosy Lebap welaýatynyň we Türkmenabat şäheriniň häkimliklerinden, şol sanda azyk üpjünçiligine degişli bölüminden resmi maglumat almaga synanyşdy. Telefon jaňlarymyza hiç kim jogap bermedi.
Ýurduň güýç edaralary bugdaý öndürýän gallaçy daýhanlara gözegçilik edýär we gysyş görkezýär. Hökümet daýhanlar üçin amatly şert döretmegiň ýerine, agyr zähmet çekip, bergili galýan kärendeçileri günäli edýär we jezalandyrýar.
Bazarda et gymmatlaýar
Marynyň bazarlarynda etiň we et önümleriniň nyrhy ýokarlandy. Azatlygyň habarçysyna görä, 20-nji iýunda ýerli et dükanlaryndaky bahalar birden göterilip, göle etiniň bahasy kilogramyna 70-den 75 manada, goýun etiniň bahasy 75-den 80 manada ýetipdir.
"Et dükançylary häzir soýmana, satmana mal tapdyrmaýar. Biz her gün mal bazaryna aýlanýarys bazarda janly diri mallaryň bahalary ýokarlandy, şol sebäpden bizem et önümlerini gymmatlatmaly bolýarys" diýip, habarçymyz et dükanlarynyň biriniň eýesini sitirledi.
Azatlyk bilen söhbetdeş bolan maldarlar soňky wagtda mallaryň, şol sanda keselçilikden köp gyrylandygyny gürrüň beripdi.
Ýurtda 7 ýyl bäri dowam edýän un-çörek gytçylygy we azyk bahasynyň durnuksyzlygy barada döwlet wekillerinden resmi düşündiriş berilmän gelýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum