Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Eýranyň ruhany lideriniň “häzirlikçe howpsuzdygyny” aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň nirededigini anyk bilýändigini we onuň häzirlikçe “howpsuzdygyny” aýtdy. Bu Ysraýylyň “uly möçberli” howa zarbalary barada beren duýduryşlaryndan soň, Tähranyň ýaşaýjylarynyň paýtagty terk edip başlan wagtyna gabat geldi.

Tramp 17-nji iýunda ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynyň öňüsyrasynda sosial ulgamda ýerleşdiren ýüzlenmesinde Hameneýä gönükdirilen açyk duýduryş bilen çykyş edip, Eýrany “şertsiz boýun egmäge” çagyrdy.

“Ol aňsat nyşana, emma häzirlikçe ol ýerde howpsuz, biz ony ýok etmegi (öldürmegi) meýilleşdirmeýäris, iň azyndan häzirlikçe” diýip, Tramp ýazdy.

Ol şeýle hem: “Sabrymyz gutaryp barýar” diýip goşdy. Mundan birnäçe sagat öň bolsa, ol Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda bäş gün bäri dowam edýän we köp sanly adamyň ölümine sebäp bolan howa zarbalaryna “hakyky nokadyň goýulmagyna” çagyrdy.

Trampyň beýanaty Ysraýylyň goranmak ministri Ysraýyl Katsyň 17-nji iýunda amala aşyryljak täze howa zarbalarynyň öňüsyrasynda, Tähranyň ýaşaýjylaryna şäheri terk etmek barada duýduryş beriljekdigini mälim etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

“Biz şu gün Tähranda möhüm ähmiýetli nyşanalara hüjüm ederis… Eýrana agyr zarbalar urmagy dowam etdireris” diýip, Kats aýtdy.

Eýranyň metbugaty ýurduň birnäçe ýadro desgasynyň ýerleşýän ýeri bolan Isfahan şäherinde birnäçe güýçli partlamalaryň bolandygyny habar berdi.

Tramp Ýakyn Gündogardaky krizis bilen baglylykda Milli howpsuzlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Kanadada geçirilýän “Ýedilik toparynyň” (G7) sammitinden wagtyndan öň çykyp gaýdanda, Tähranyň ýadro gepleşikleri boýunça ylalaşyk baglaşmakdan boýun gaçyrýandygy sebäpli lapynyň keçdigini mälim etdi. Ysraýyl Eýran tarapyndan diňe parahatçylykly maksatly diýilýän ýadro desgalaryna zarbalary urmagy dowam etdirýär.

Tramp: “Men wagtlaýyn ýaraşygy göz öňünde tutamok, biz ondan has gowusyny isleýäris” diýip, Kanadanyň Alberta welaýatyndan Air Force One uçarynda çykyş eden wagty aýtdy.

Şol günüň dowamynda Ysraýylyň harby güýçleri Eýranyň “Hatem ol-Anbiýa” baş ştabynyň täze bellenen ýolbaşçysy Ali Şadmaniniň öldürilendigini habar berdi. Şadmani bu wezipäni 13-nji iýunda general-maýor Golam Ali Raşid öldürilenden soň kabul edipdi.

Eýran häkimiýetleri yslam rewolýusiýa sakçylary korpusynyň ýokary derejeli generaly Şadmaniniň ölümini entek resmi taýdan tassyklamady.

Bu ştab Eýranyň ýaragly güýçleriniň operasiýalaryna ýolbaşçylyk we gözegçilik etmek üçin esasy merkez bolup, onuň ýolbaşçysy ýurduň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdesiniň orunbasary wezipesini hem ýerine ýetirýär.

Tramp 16-njy iýunda giçlik sosial ulgamda beýanat bilen çykyş edip: “Ähli adamlar Tährany derrew terk etmeli!” diýip ýazdy.

CNN teleýaýlymy Ak tamdaky çeşmesine salgylanyp, Trampyň bu ewakuasiýa baradaky çagyryşynyň Eýrany gepleşiklere mejbur etmäge gönükdirilendigini habar berdi.

Ysraýylyň Eýrana garşy 13-nji iýunda başlanan ilkinji zarbalaryndan bäri, ABŞ-nyň olara gatnaşyp-gatnaşmandygy barada dürli çaklamalar orta atylýar. Tramp ABŞ-nyň bu zarbalara gatnaşmandygyny birnäçe gezek gaýtalady we Waşingtonyň geljekde goşulmak mümkinçiligi baradaky soraga anyk jogap bermekden saklandy.

Forum

XS
SM
MD
LG